Kompaniýa barada |
Sungur Elektroniks – häzirki zaman maglumat beriş tehnologiýalary (maglumat ibermek, dolandyrmak, saklamak we işläp geçmek serişdeleri) babatda ulgamlaýyn çözgütleri işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga ýöriteleşdirilen kompaniýa Türkmenistanyň bazarynda 2010-nji ýyldan bäri. Sungur Elektroniks Panasonic (mini ATC) we Bosch (Howpsuzlyk Ulgamy) ýaly kompaniýalaryň resmi distribýüteri. Buýrujynyň kärhanasyny ösdürmegiň zerurlyklaryna baglylykda, biz buýurma ulgamlarynyň işläp taýýarlaýarys we doly taýýar edip ornaşdyrýarys ýa-da köpeldilýän çözgütleri anyk şertler üçin uýgunlaşdyrýarys. Hyzmatdaşlarymyz
Wezipesi Sungur Elektroniks kompaniýasy müşderilerimiziň zerurlyklaryna we wezipelerine gönükdirilen innowasiýa kompaniýasy bolmaga çalyşýar. Esasy iş ugurlary Kompaniýamyzyň esasy iş ugry ulgamlaýyn integrasiýasy bolmagynda galýar. Biz müşderilerimize informatizasiýa we awtomatizasiýa boýunça, strategiýany işläp düzmekden – ony durmuşa geçirmeklige, ornaşdyrmaklyga, gözegçilik etmeklige we hyzmat etmeklige çenli hyzmatlaryň giň toplymyny hödürleýäris. Iş ugurlarymyz barada has giňişleýin maglumat bilen “Hyzmatlar” bölüminde tanşyp bilersiňiz. Şahadatnamalar Sungur Elektroniks kompaniýasy taslama, gurnama, işe goýberme işlerini amala aşyrmaga hukuk berýän sertifikatlaryň esasynda işleri geçirýär, şeýle hem onuň Buýruja ulgamlaýyn integrasiýanyň oňat hilli hyzmatlaryny etmek üçin zerur tejribesi, inženerçilik potensialy we üpjün edijilerinde dereje toplumy bar. Işgärleri Ökde hünärli maslahatçylaryň we tehniki hünärmenleriň topary – biziň esasy özenimizdir. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarydygy dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň (Panasonic, Memotec, Enterasys, Siemens we ş.m.) köpsanly sertifikatlary we diplomlary bilen tassyklandy, esasy zat bolsa – taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegidir. Kompaniýanyň müşderileri Sungur Elektroniks kompaniýasynyň işi hünärleýin esasda müşderiler bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen, Hyzmatdaşlyk – munuň özi biziň üçin özara peýda we ösüşdir. Biz müşderilerimiziň zerurlyklaryna we wezipelerine gönükdirilen innowasiýa kompaniýasy bolmaga çalyşýarys. |