ULGAMLAÝYN INTEGRATOR

Işewürlik üçin çözgütler!

Tel./faks: (+993 12) 97 43 33
E-mail: info@sungur-electronics.com
Russian (CIS)Turkmen (Turkmenistan)English (United Kingdom)
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow




Habarlar

Servis merkezi


Dükanymyz

.:: Esasy sahypa HAKKYMYZDA Biz barada
Kompaniýa barada

Sungur Elektroniks – häzirki zaman maglumat beriş tehnologiýalary (maglumat ibermek, dolandyrmak, saklamak we işläp geçmek serişdeleri) babatda ulgamlaýyn çözgütleri işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga ýöriteleşdirilen kompaniýa Türkmenistanyň bazarynda 2010-nji ýyldan bäri.

Sungur Elektroniks Panasonic (mini ATC) we Bosch (Howpsuzlyk Ulgamy) ýaly kompaniýalaryň resmi distribýüteri.

Buýrujynyň kärhanasyny ösdürmegiň zerurlyklaryna baglylykda, biz buýurma ulgamlarynyň işläp taýýarlaýarys we doly taýýar edip ornaşdyrýarys ýa-da köpeldilýän çözgütleri anyk şertler üçin uýgunlaşdyrýarys.

Hyzmatdaşlarymyz

Panasonic kompaniýasy — Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary;

Siemens kompaniýasy— Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary;

Bosch kompaniýasy — Howpsuzlyk we sesli habar beriş ulgamlary;

TAO Electronics — Howpsuzlyk we sesli habar beriş ulgamlary

Cisco kompaniýasy — IT çözgütler we awtomatlaşdyrma

Hewlett-Packard (HP) kompaniýasy — IT çözgütler we awtomatlaşdyrma

Ozak kompaniýasy — Тurniketler, derwezeler

Wezipesi

Sungur Elektroniks kompaniýasy müşderilerimiziň zerurlyklaryna we wezipelerine gönükdirilen innowasiýa kompaniýasy bolmaga çalyşýar.

Esasy iş ugurlary

Kompaniýamyzyň esasy iş ugry ulgamlaýyn integrasiýasy bolmagynda galýar. Biz müşderilerimize informatizasiýa we awtomatizasiýa boýunça, strategiýany işläp düzmekden – ony durmuşa geçirmeklige, ornaşdyrmaklyga, gözegçilik etmeklige we hyzmat etmeklige çenli hyzmatlaryň giň toplymyny hödürleýäris. Iş ugurlarymyz barada has giňişleýin maglumat bilen “Hyzmatlar” bölüminde tanşyp bilersiňiz.

Şahadatnamalar

Sungur Elektroniks kompaniýasy taslama, gurnama, işe goýberme işlerini amala aşyrmaga hukuk berýän sertifikatlaryň esasynda işleri geçirýär, şeýle hem onuň Buýruja ulgamlaýyn integrasiýanyň oňat hilli hyzmatlaryny etmek üçin zerur tejribesi, inženerçilik potensialy we üpjün edijilerinde dereje toplumy bar.

Işgärleri

Ökde hünärli maslahatçylaryň we tehniki hünärmenleriň topary – biziň esasy özenimizdir. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarydygy dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň (Panasonic, Memotec, Enterasys, Siemens we ş.m.) köpsanly sertifikatlary we diplomlary bilen tassyklandy, esasy zat bolsa – taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegidir.

Kompaniýanyň müşderileri

Sungur Elektroniks kompaniýasynyň işi hünärleýin esasda müşderiler bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen, Hyzmatdaşlyk – munuň özi biziň üçin özara peýda we ösüşdir. Biz müşderilerimiziň zerurlyklaryna we wezipelerine gönükdirilen innowasiýa kompaniýasy bolmaga çalyşýarys.

 
top
Яндекс.Метрика