ULGAMLAÝYN INTEGRATOR

Işewürlik üçin çözgütler!

Tel./faks: (+993 12) 97 43 33
E-mail: info@sungur-electronics.com
Russian (CIS)Turkmen (Turkmenistan)English (United Kingdom)
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow
  • An Image Slideshow

Habarlar

.:: Esasy sahypa GOLDAW Panasonic TM
Wideo gözegçilik

Wideo gözegçilik (CCTV — belli-belli ýerleriň tele-gözegçilik ulgamy) — wizual gözegçilik etmek üçin ýa-da şekilleri awtomatiki seljermek üçin niýetlenen, optiki-elektron gurnamalaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýan iş (adamlary we döwlet belgileri awtomatiki tanamak).

Häzirki wagtda PZS-matris esasly wideokameralar has köp ulanylýar. Matrisleriň esasy öndürijileri Sony, Sharp, Panasonic, Samsung, LG, Hynix kompaniýalary. Olaryň ulanylmagy bahalary boýunça elýeterli we ýeterlikli ýokary hildäki giňden ulanylýan önümleri döretmeklige mümkinçilik berdi. Adatça, kameralaryň arasyndaky dürli öndürijileriň matrisalaryndan esaslanan aratapawutlary yşyklaryň çylşyrymly şertlerinde ýüze çykýar. Her bir öndürijiniň lineýkasynda parametrleri boýunça arzan we standart matrisalaryň bolşy ýaly, ýokary hilli we/ýa-da ýokary duýujylykly matrisalary bar.

Kameralary gurluş aýratynlyklary boýunça indiki görnüşlere bölmek bolar:

Modul wideokamera – bir gatly çap ediji plata görnüşinde, gabarasyz gurluş, 32×32 mm ölçeglerde has köp ýaýrady, termogapda, polusferada we ş.m. gurnamak üçin niýetlenen.

Mini (kiçi) wideokamera – dörtburç ýa-da silindr gabaralarda bolup, adatça jaýlaryň içinde gurnamak üçin taýýar önüm hökmünde ulanylýar.

Gabaraly wideokamera – gurnamalaryň has köp ýaýran görnüşi, olar şeýle atlandyrylýar: standart bezegli (dizaýnly) kamera ýa-da Box camera. Bu görnüşiň agdykly mukdar sanlary obýektiwsiz we berkidiji kronşteýnsiz üpjün edilýär, ulanyja ahyrky gurnamanyň has amatly gurnamaga (konfigurirlemäge) mümkinçiligi galdyrylýar, termokožuhly ulanylanda, ony jaýlaryň daşynda hem ulanmaga mümkinçilik bolýar. Gümmezli IP wideokamera AddPac.

Gümmezli wideokamera, «dome camera» diýlip tanalýar – gabarasy polusfera ýa-da şar görnüşli bolup, esasyna berkidilendir. Plastikadan ýasalyşy ýaly, metaldan hem ýerine ýetirilip bilinýär.

Dolandyrylýan (öwrülýän ýa-da tizlikli wideokameralar) – utgaşdyrylan gurnama, ol kameradan, transfokatordan we öwrülýän gurnamadan ybarat bolup durýar. integrirlenen kameralar gümmez görnüşinde ýasalyp, hüzirki wagtda has giňden ulanylýar.

Rugsatlara gözegçilik we barlag ulgamy – howpsuzlygyň programma-apparat tehniki serişdeleriniň toplumy, olaryň maksady desganyň bellenilen ýerlerinde “geçiş nokadyndan”: gapylardan, derwezeden, GBB-inden giriş-çykyşy (adamlaryň, ulaglaryň) çäklendirmek we hasaba almak.

Esasy mesele – bellenilen çäklerde rugsady dolandyrmak (kimi, haçan we haýsy çäklere goýbermeli), şeýle-de indikileri goşmaly:

  • bellenilen ýerlere rugsadyň çäklendirilmegini;
  • şol ýerlere rugsatly adamlaryň tanalmagy.
 
top
Яндекс.Метрика